2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde işe girizilen Türkmenistanyň Söwda Maglumat Portaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi tarapyndan dolandyrylýar. Halkara söwda merkezi (ITC) we UNCTAD tarapyndan berilen tehniki ýardam netijesinde bu portal Merkezi Aziýa sebitinde serhetaşa söwda amallarynyň sanlaşdyrylmagynda we kämilleşdirilmeginde möhüm rol oýnaýar.
Türkmenistanyň Hökümeti Ýewropa Bileleşigine portalyň döredilmegine hem-de 2020–2024-nji ýyllarda amala aşyrylan "Ready4Trade Central Asia" we 2024-nji ýylda başlanan "Ready4Trade Central Asia: Hazarüsti ulag geçelgesi bilen gülläp ösmegine ýardam bermek" sebitleýin başlangyçlaryň, we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistan: söwda durnuklylygy we integrasiýa" milli taslamasynyň çaginde söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleriň geçirilmegine beren maliýe goldawy üçin minnetdar.
Bu amala aşyrylan işler söwda netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynda we sebitara ykdysady integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
|
|
|
|
|





