ösüş üçin söwda maglumat merkezi
The Info Trade Merkezi Aziýa derwezesi Merkezi Aziýada söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilen we sebiti halkara bazarlaryna birikdirmäge kömek edýän onlaýn maglumat merkezidir.
Platforma operatorlara serhetüsti söwdalar baradaky maglumatlara aňsatlyk bilen aralaşmagy üpjün etmek üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Milli Söwdany Ýeňilleşdiriş portallaryndan alnan maglumatlary bir websaýtda jemleýär.
Merkezi Aziýa Derwezesi söwda bilen bagly maglumatlary gözlemek üçin çykdajylary, wagty we güýji azaltmak, getirilýän harytlaryň araçäkde saklanmak töwekgelçiligini aňryçäk möçberde azaltmak hem-de söwda geçelgelerini we sebitleýin söwda integrasiýasyny goldamak bilen doly «gapydan-gapa» aýdyňlygy üpjün edýär.
Importyň we eksportyň
ýeňilligini deňeşdirmek üçin
deňeşdiriji prosedura talaplary
Oňyn tejribeleri alyşmak
we kadalaşdyryjy talaplara
laýyklygy üpjün etmek
Sebit derejesinde, ikitaraplaýyn derejede
we milli derejede söwda ýeňilligi boýunça
umumy ylalaşylan maksatlary bellemek
Ýeňilleşdirme maksatlaryny gazanmaga
tarap öňe gitmegine ýardam etmek
Hökümet we çözgüt
kabul edijiler
Söwdagärler, gümrük
dellallary, ekspeditorlar
Işewürlik assosiasiýalary
Potensial maýa goýujylar
Akademikler we
ylmy-derňewçiler
Halkara guramalar
Merkezi Aziýa Derwezesi Söwdany Ýeňilleşdiriş Portallaryny – özüniň düzüm böleklerini söwdagäriň nukdaýnazaryndan giňişleýin beýan edilen serhetüsti söwda proseduralary boýunça ädimsaýyn gözükdirmäni üpjün etmek üçin häzirkizaman usulyýetiniň esasynda ulanýar.
Her bir ädim standart maglumaty üpjün edýär :
Sen näme gazanarsyň:
Ädimiň netijesi (netijeleri)
Kimi görmeli:
Habarlaşmak üçin maglumatlary
bolan, jogapkär Gurama,
Bölümçe we wezipeli şahs
Nämeler ýerine ýetirilmeli:
Talaplar, görnüşler
we resminamalar
Näme tölenmeli:
Çykdajylar, ýygymlar we tölegler
Ol näçe wagt dowam edýär:
Nobata durmak bilen,
penjirede we tapgyrlaryň
arasynda geçirilýän wagt
Kime arz etmeli:
Habarlaşmak üçin maglumatlary
bolan, şikaýatlara garamaga
jogapkär resurs
Ol näme üçin zerur:
Hukuk taýdan esaslandyrmak
Ädimiň dogry beýan edilendigini
tassyklaýan gurama