Türkmenistanyň Söwda Maglumat Portaly söwda amalyna degişli bolan ähli tertipleri sanap geçýär we tertipleriň yzygiderliligini düzýär.
Söwda portalynda (SP) belli bir harydyň gözlegi nireden başlamalydygyny, soň nirä gitmelidigini we ahyrky netijäniň näme bolýandygyny beýan edýän gözleg netijesiniň sahypasyna getirýär. Bu sahypa:
- Harytlary gümrükde resmileşdirmek üçin geçilmeli ähli tertipleriň sanawyny görkezýär
- Tertipleri yzygiderlilige laýyklykda düzýär. Mysal üçin, laýyklyk sertifikaty ýa-da weterinariýa sertifikaty harytlary gümrükde resmileşdirmek üçin öňünden alynýar we ş.m.)
Daşary ykdysady işiň gatnaşyjysy her bir import, eksport we tranzit amallarynda ýüzbe-ýüz bolýan hakyky ýagdaýlarda dogry hereket etmek üçin, SP maglumatlary resmileşdirmezden öň we resmileşdirmek proseslerini öz içine alýan tertipleriň dört kategoriýasynda görkezýär:
- Deslapky/başlangyç bellige alnyş: ýuridik we fiziki şahslar köplenç öz wagtynda ygtyýarnamalary we rugsatlary almak üçin bellige alynmaly bolýarlar. Mysal üçin, ammarlarda ýa-da fermalarda degişli barlag geçirmek. Köp halatlarda, her bir şahs bellige alnyşy diňe bir gezek geçýär;
- Ygtyýarnamalar: birnäçe pudaklar kanun tarapyndan kadalaşdyrylýar we firmalar (hususy kärhanalar, paýdarlar jemgyýetleri) bu pudaklarda söwda işini alyp barmak üçin bu işe başlamazdan öň ygtyýarnama almaly bolýarlar. Käbir ýagdaýlarda ygtyýarnamalaryň möhleti gutarandan soň ygtyýarnamalar uzaldylmalydyrlar;
- Rugsatlar: rugsatlar harytlaryň resmileşdirmek işleri başlamanka alynmaly ygtyýarnamadyr. Fitosanitar sertifikatlary ýa-da weterinar sertifikatlary, harytlaryň gelip çykmagynyň güwänamalary, import üçin rugsatlar, laýyklyk sertifikatlary we ş.m. mysal hökmünde bolup biler. Bu tertipler her bir söwda amalynda her bir ýük üçin geçilýär;
- Gümrükde resmileşdirmek we serhetden geçmek tertipleri: bular ýükleri girişde we çykyşda gümrükden we serhetden geçirmek üçin talap edilýän ählie tertipleri öz içine alýar, mysal üçin, ýük gümrük deklarasiýany tabşyrmak, degişli serhet gözegçiligi, ýükleri möhürlemek we ş.m. Rugsatlar ýaly, bu tertipler her bir täze söwda amalynda geçilmeli tertiplerdir.
Tertipleriň degişli kategoriýasyny kesgitlemek tertipleriň yzygiderli geçilmegine düşünmek, esasanam, haryt (ýa-da hyzmat) bilen ilkinji gezek söwda edýän sahs üçin üçin möhümdir
Tertipleri ädimleýin beýan etmek
Ýokarda agzalan gözleg netijesi sahypasynda görünýän her bir tertip üçin düşnükli menýu teksti tertibi kim tarapyndan geçmelidigini görkezýär we tertibiň maksadyny aýdyň we gysgaça beýan edýär.
Soňra, her bir tertip üçin, SP tertibi geçmek üçin zerur bolan geçilmeli ädimleriň sanawyny görkezýär. Tertipler bir ýa-da birnäçe ädimlerden ybarat bolup bilýar. Bu ýerde ädim “amaly ýerine ýetirmek üçin şahs bilen edaralaryň (ýa-da mysal üçin, notarius ýaly hususy taraplaryň) arasyndaky zerur bolan gatnaşygy” hökmünde kesgitlenýär.
Her bir ädimi doly düşündirmek (habarlaşmak üçin, şertler, netije, ş.m.)
Türkmenistanyň Söwda Maglumat Portaly her bir ädim üçin aşakdakylary görkezýär:
- Edaranyň adyny, anyk salgysyny, telefon belgilerini, websaýtlaryny, e-poçtalaryny we ş.m. (“nirä ýüz tutmaly?”) maglumatlaryny öz içine alýan zerur bolan habarlaşmak üçin maglumatlary
- Dolduryp bolýan nusgalary we beýleki resminamalary (“näme getirmeli?”) öz içine alýan gerek resminamalary
- Çykdajylar: tölegiň görnülşerini görkezmek bilen tölegleriň jikme-jik nyrhnamalaryny (“çykdajysy näçe we nähili görnüşde tölemeli?”)
- Garaşylýan netije (“men näme alaryn?”)
- Ädimleriň içindäki her bir bölegi üçin kanuny esaslar, mysal üçin, şertler we tölegler (“haýsy kanuny esaslar bar?”)
- Ädimi ýerine ýetirmek üçin sarp edilýän wagt (“näçe wagt gider?)
- Şikaýatlar we soraglar ýüze çykanda ýüz tutmagyň usullary (“mesele ýüze çykanda kime şikaýat edip bolýar”?)